Meşhur portugal futbolçy Kristiano Ronaldo özüniň maýa goýum ugurlaryny giňeldip, innowasion kinostudiýa işine girişýär. Ol belli britan režissýory Mettýu Won bilen “UR-MARV” atly kinostudiýany döretdiler.
Bbu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2 sany söweşiji äheňde film üçin maýa goýumlar goýuldy. Studiýa kinoda innowasion tehnologiýalara has köp üns berer, ýöne däp bolan usullar hem giňden ulanylar.
40 ýaşyndaky Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Ronaldo özüniň maýa goýum işiniň gerimini giňeldýär. Ol myhmanhana, gözellik we sarp ediş harytlary ýaly iş ugurlarynyň hataryna kino işlerini hem goşdy.
Ronaldo 2023-nji ýylda meşhur portugal farfor önümçiligini alyp barýan “Vista Alegre” topary bilen hyzmatdaşlyk edip, bilelikdäki kompaniýany döretdiler.
Portugal ýyldyz şol bir wagtda fitnes we sport bilen meşgullanýan “WHOOP” amerikan kompaniýasynyň markasynyň ilçisi hem maýa dary bolup durýar.
Ol 2021-nji ýylda Portugaliýada, Ispaniýada we Italiýada saç ekmek boýunça ýöriteleşen “Insparya Group” kompaniýasynyň düzümine hem goşuldy.
Ronaldo 2016-njy ýylda özüniň myhmanhana işewürligine gadam basyp, Funşal, Lissabon, Madrid ýe Nýu-Ýork şäherinde “Pestana CR7 Lifestyle Hotels” myhmanhanalaryny açdy.
Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzüminde çykyş edýän Ronaldo ýyllyk 200 million ýewro gazanýar, şeýle hem jemgyýetçilik torlarynda 850 milliondan gowrak yzarlaýjysy bolan dünýäniň iş meşhur adamlarynyň biri bolmagynda galýar.