TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo “Instagramda”-da öňde

Dünýä belli meşhur futbolçy Kristiano ronaldo futbolda bolşy ýaly, sosial jemgyýetçilik torunda hem täze rekordyň eýesi boldy. Portugaliýaly ýyldyz futbolçy Ronaldonyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky yzarlaýjysynyň sany 250 milliona ýetdi. Netijede bu görkeziji babatda beýleki meşhur adamlardan öňe saýlanmagy başardy.

Özüniň 214 million yzarlaýjy sany bilen meşhur aýdymçy Ariana Grand bu ugurda ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda bolsa aktýor Dueýn Jonson bolup, onuň jemi 209 million sany yzarlaýjysy bar. Sanawda bu meşhurlardan soňra bloger Kaýli Jenner (207 million yzarlaýjy) we aýdymçy Selena Gomes (201 million yzarlaýjy) sanlary bilen4-nji we 5-nji orunlary eýeleýärler.

2017-nji ýylda meşhurlaryň arasynda 3-nji orna çykan Ronaldo özüniň yzarlaýjy sanyny soňky üç ýylda artdyrypdyr. Soňky 50 million sany yzarlaýjysyny 1 ýylda gazanmagy başarypdyr.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Teswirle