JEMGYÝET

Ronaldo bu gezek başgaça rekord goýdy

Futbol äleminde portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldunyň goýan rekordlary goýmadyklaryndan has kän bolsa gerek. Häzir dünýäniň iň gowy iki futbolçysynyň biri hasaplanylýan «Ýuwentusyň» hüjümçisi ýakynda ýene bir dünýä rekordyny goýdy. Ýöne bu gezekki rekord sport bilen asla bagly däl.

Futboldan we mahabatdan gelýän girdejileriniň agramly bölegini haýyr-sahawata bagyşlamagy halaýan ýyldyz bu gezek dünýäniň iň gymmat awtoulagyny satyn alyp, rekordy täzeledi. Ýakynda biz «Bugatti» kompaniýasynyň «La Voiture Noire» ulagynyň dünýädäki iň gymmat ulagdygyny habar beripdik. Bu baradaky habarymyz saýtymyzda 16-njy aprelde şu salgy boýunça size ýetirilipdi: http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MzEyNA==

Eger bu habara ýene bir gezek göz aýlasaňyz, onda ulagy kimiň satyn alandygynyň heniz nämälimdigi aýdylypdy. Ýakynda bolsa Ispaniýanyň «Mundo Deportivo» neşiri dünýäniň iň gymmat ulagyny Kriştianu Ronaldunyň satyn alandygyny dünýä jemgyýetçiligine mälim etdi. Habarda aýdylyşyna görä, 1500 at güýjüne barabar kuwwata eýe bolan, sagatda 420 kilometr tizlige çenli çykyp bilýän ulag futbol dünýäsiniň ýyldyzyna 11 million ýewro satyldy. Ýöne Ronaldu täze ulagyna heniz gowşanok. IneŽenerler onuň gurnama işleriniň gutarnykly 2021-nji ýylda tamamjakdygyny aýdýarlar. Diýmek, dünýäniň iň gymmat ulagy gurnalyp bolunmagyndan 2 ýyl ozal satyldy.

Ýene-de okaň

Kuraş-2023: Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň 5-nji altyn medalyny Daýanç Omirow gazandy

Kuraş-2023: Sabina Kadyrowa altyn medal gazandy

“Süýji gün” – süýji günlerde

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen ABŞ ekologiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Kuraş-2023: Türkmenistan 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri