TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo ― 800 golly ilkinji futbolçy

Angliýanyň «Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kristiano Ronaldo penşenbe güni «Arsenal» bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanandan soňra, futbolyň taryhyna profesional karýerasynda 800 pökgi geçiren ilkinji futbolçy hökmünde girdi.

36 ýaşly futbolçy bu netijäni, dört çempionatda we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçiren 1097 duşuşygynda gazandy. Has takygy, Ronaldo 130 pökgi «Mançester Ýunaýtediň», 450 pökgini «Real Madridiň», 101 pökgüni «Ýuwentusyň», 5 pökgini bolsa «Sportingiň» düzüminde geçirdi. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndy bilen 115 gezek tapawutlandy.

Şeýle hem Ronaldo UEFA-nyň Çempionlar ligasynda iň kän tapawutlanan futbolçydyr.

Angliýanyň «Premier ligasynyň» iň netijeli futbolçysy Alan Şerer Ronaldonyň bu üstünligini: «Ýerimizden ör turup gutlanylmaly üstünlik» diýip häsiýetlendirdi. Onuň aýtmagyna görä, iň ýokarky basgançaga çykmak kyndyr, ýöne ornuňy goramak ondan hem kyn. «Her säherde ähli zady täzeden başlamaly bolarsyňyz, bütin dünýä bolsa size tomaşa eder» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňky duşuşykda «Arsenalyň» derwezesine iki pökgi geçiren futbolçynyň karýerasyndaky gollarynyň edil häzirki sany 801-e deň.

Ronaldo, hakykatdanam, birinji orundamy?

Resmi duşuşyklar barada alnanda, munuň şeýledigine şek-şübhe ýok. Ýöne Çehiýanyň Futbol federasiýasy Jozef Bijan atly bir futbolçynyň resmi duşuşyklarda 821 gezek tapawutlanandygyny habar berdi. Ýöne bu gollaryň bir böleginiň resmi däl duşuşyklarda geçirilendigi aýdylýar.

Braziliýaly ýyldyzlar Pele bilen Roamrionyň hem 1000-den artyk gol geçirendigi barada maglumatlar bar. Ýöne ýoldaşlyk duşuşyklaryny we profesional däl klublardaky gollary aýyrsaň, olaryň hem netijesi 700-den geçenok.

RSSSF atly futbol stastistikasy edarasynyň maglumatlaryna görä, gollaryň sany boýunça Ronaldodan aşakdaky basgançakda 769 golly Pele we 761 golly Frens Puşkaş bar.

Lionel Messiniň hasabynda edil häzir 756 gol bar. Argentinaly ýyldyz «Barselonada» 672, milli ýygyndyda 80, PSŽ-de 4 gezek tapawutlandy. Ýöne Messi diňe bir toparda iň köp pökgi geçiren futbolçy hökmündäki rekordy elinde saklaýar.

900-nji pökgä uzan ýolda

Indiki duşuşykdan başlap, «Mançester Ýunaýted» baş tälimçi Falf Rangikiň ýolbaşçylygynda türgenleşer we ýaryşlara gatnaşar. Ol ― futbolda basyşy söýýän tälimçi. Ýöne Ronaldo häzirlikçe toparda iň az basyş edýän futbolçy. Ýyldyz futbolçy bilen täze tälimçiniň nähili sazlaşykly işlejekdigini wagt görkezer.

 

Narendra Modi milli Liderimizi Hindistana çagyrdy

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle