TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Robotlaryň hyzmat edýän restorany

Umuman aýdanymyzda häzirki wagtda dünýäde kem-kemden robotlar adamlaryň iş wezipeleriniň ornuny tutup başladylar. Ençeme kompaniýalar hem özleriniň dükanlarynda robotlary ulanýarlar. Biz bolsa okyjylarymyzy robotlaryň işleýän ýeri barada maglumat bermegimizi makul bildik. Saud Arabystanyň Jizan şäherinde tutuş robotlaryň hyzmat edýän restorany açyldy. Restoranyň içinde diňe ösen emeli intellekt bilen işleýän robotlar işleýär. Bu restoranyň içinde jemi 6 sany robot işläp, olar müşderilere Aziýanyň tagamlaryny hödürleýärler. Ilkibaşda restoran koronawirus pandemiýasynyň abanýan howpuny azaltmak üçin taýýarlandy. Şeýle-de bolsa, tehnologiki taýdan ösen bu restoran myhmanlaryň ünsüni özüne çekmegi hem başardy. Robotlar aňsatlyk bilen hereket edýärler we restoranda ýerleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen müşderiler sargan naharlaryny kemsiz eltip berýärler.

 

Ýewropa Bileleşiginden daşky gurşawy goramak babatda aýgytly ädim

 

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle