TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Rio karnawalynyň ýeňijisi yglan edildi

Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän karnawalyň 2022-nji ýyldaky ýeňijileri yglan edildi. Çempion derejesini “Grandi Rio” sambo mekdebi gazandy. Bu mekdebiň görkezen tomaşasyna 3 müňden gowrak tansçy we sazanda gatnaşdy.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli 2 ýyla çeken arakesmeden soňra karnawal Rio-de-Žaneýro şäheriniň köçelerine gaýdyp geldi. Üstümizdäki ýylda hem ony “omikron” ştammy sebäpli bir aý yza süýşürdiler.

Açyk asmanyň astynda geçirilýän dünýäniň iň uly şou-şowhuny 1980-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bu karnawal Braziliýanyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Bu şowhunyň esasy hereketleri samba tansynyň ýerine ýetirilmegi we bu ugurda geçirilýän bäsleşikler bolup durýar.

Şu gezekki karnawalyň ýeňijisiniň ýörişi 30-njy aprelde Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriler.

 

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle