TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Rianna ilkinji çagasyny dünýä inderdi

Asly barbadosly meşhur aýdymçy Rianna özüniň ilkinji çagasyny dünýä inderdi. Dünýä inen oglan bäbejik Rianna bilen 33 ýaşyndaky reper “A$AP Rocky” atly Rakim Maýersiň ilkinji çagasydyr.

Sungat işgärleri şu ýylyň ýanwarynda çaga garaşýandyklayrny mälim edipdi. Rianna göwrelilik döwründe hem aýdym-saz çykyşlaryny dowam etdirdi. Onuň şu ýylyň 13-nji maýynda Los-Anjelesdäki hassahanalaryň birinde ilkinji çagasyny dünýä inderendigi mälim edilýär.
Barbadosda dünýä inen Robin Rianna Fenti aýdymçy, aktrisa, saz prodýuseri we moda dizaýneridir. 16 ýaşynda ABŞ-a göçüp gelýär we bu ýurtda karýerasyny dowam etdirýär.
Köp sanly aýdym-saz baýraklarynyň eýesi bolan Rianna çykarýan aýdymlarynyň iň köp satylýan sungat işgärleriniň biridir. Şeýle hem ol iň köp girdeji gazanýan aýdymçylaryň öňdeligini eýeleýär.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Barbados britan patyşalygynyň gol astyndan çykyp, parlament respublikasy bolupdy. Şol mynasybetli geçirilen dabarada Rianna Barbadosyň milli gahrymany yglan edilipdi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/mbappe-karyerasyny-nirede-dowam-etdirer/

Ýene-de okaň

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Teswirle