SIZDEN GELENLER

Reňkleriň adama täsiri

 Durmuşda üstünlik gazanmagyň esasy syry kesgitlenen maksatlara baglydyr. Bir maksat goýup, soň bu maksada ýetmek üçin hyjuwly  pikirlenip, kem-kemden oňa tarap hereket edýäris.  Bu gaty ýönekeý görünýär, ýöne şonda-da köp adamlar  bu ýörelgani bilselerde üstünlik gazanyp bilmeýärler. Şowsuzlygymyzyň esasy sebäbi görüş merkezlerine täsiriň ýoklugy bolmagy ahmal!

    Reňkler diňe bir barlygymyzy  ýagtylandyrman eýsem, biziň pikirlerimize, ruhy dünýämize, hereketlerimize  täsir edýär. Reňk barada gyzyklanma b.e öňki IV-III müňýyllyklarda peýda bolup, reňk bejergisi  esasan  Hytaý we Hindistanda ýüze çykypdyr.  Bu ylym meşhur Ibn Sina , Gippokrat, Parassels ýaly alymlar  tarapyndan ýokary baha berilýär. 20-nji asyryň ortalarynda  Şweýsariýaly psihoterapewt Maks Lusçeriň  atlandyran  “Lusçeriň reňk testi”  hem meşhurlyga eýedir.Ol testinde sekiz reňki kemelýän tertipde ýerleşdirip, şol test  arkaly  adam häsiýetini, ruhy ýagdaýyny, kalbynda nämeleriň bolup geçýändigini kesgitläp bilipdir. Reňk adamlaryň gündelik hereketlerine täsir edýändigi sebäpli, her reňkde fiziki täsirleşmeleriň nädip we näme üçin ýüze çykýandygyna düşünmek we bu maglumatlary işde we gündelik durmuşymyzda nädip ulanmalydygyny öwrenmegiň manysy bar.  Reňk işdä we gan basyşyna, nerw ulgamyna  täsir edýär.  Şonuň üçin eşik satyn alanyňyzda, otaglaryňyzy reňke boýanyňyzda, dynç alanyňyzda reňklere uly üns beriň.

  • Gyzyl reňk- adamlara güýç we hyjuwlylyk goşýar. Gan aýlanyşygyny, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar we immunitetini güýçlendirýär. Egerde dogry karara gelip bilmeseňiz, meýilnamalaryňyzy wagtynda ýerine ýetirip bilmeseňiz, gyzyl reňk size dogry ýoly saýlamaga kömek eder. Gyzyl reňki halaýan adamlar köplenç beýleki adamlar bilen jedelleşmeýärler, gapma-garşylyk ýagdaýlaryny döretmeýärler, sebäbi olar  özüni beýlekilerden güýçli  hasaplaýarlar.Şeýlede  gyzyl reňk tanyşlyk açmaga täsiri uludyr.
  • Ýaşyl reňk aladalardan we tolgunmalardan dynmaga kömek edýär.Ýaşyl reňk bedeni doly rahatlandyryp, uky getiriji täsire eýedir. Ýöne irden bu reňkden gaça durmak zerur. Sebäbi irden adama  güýç gerek, ýaşyl bolsa dynç almaga tarap çeker. Artykmaç ýaşyl hem ýaramaz täsirleri, ýagny   biperwaýlygy ýüze çykarýar. Bu reňkiň adama täsiri erbet pikirlerden we negatiw duýgulardan dynmaga mümkinçilik berýär. Ýaşyl reňki gowy görýän adamlar ýeterlik derejede paýhasly, nirä barýandyklaryny bilýärler, hemme zady takyk kesgitleýärler
  • Sary – Bu reňk akylly adamlar reňki hasaplanylýar. Psihologiýada bu reňk nerw ulgamyna oňyn täsir edýär. Ýatkeşligi, döredijilik işjeňligini we pikirleniş prosesini güýçlendirýär.Reňk iýmit siňdiriş ulgamyna, ýokumly maddalaryň, esasanam kalsiniň siňmegine jogapkärdir. Ýaş çagalara sary reňk ýaramaz täsir etmegi mümkin. Meselem: köp  aglap başlaýarlar.  Şeýle hem ony otagdaky diwarlaryň esasy reňki hökmünde ulanmazlyk maslahat berilýär.
  • Gök reňk asudalyk we rahatlykdyr. Gök reňk adamyň akyl işjeňligine täsir edýär. Derňew we logika üçin jogapkärdir. Bu reňk adamyň asuda we tertipli bolmagyna getirýär. Gök adam bedenine köşeşdiriji täsire eýedir. Ýokary gan basyşy, temperaturany ýeňip geçmäge kömek edýär. Reňk ýaş çagalaryň saglygy üçin peýdalydyr.  Mundan başga-da, gök ukusyzlygyň öňün alýar. Ýöne gök köp mukdarda ulansaň, zyýany hem bolup biler.Meselem: nerw bozulmalary we beýleki näsazlyklar.
  • Gülgüne – optimistleriň reňki hasaplanýar.Bu reňk rahatlandyryjy täsire eýedir. Gahar-gazaby , kelle agyryny aýyrýar. Bedende kalsiý ýetmezçiligi ýüze çykanda ulanylmalydyr. Ol sizi öňe gitmäge, täze zatlar döretmäge, kynçylyklary we päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam edýär. Şonuň üçin gülgüne diňe bir mähirli bolman, eýsem erbetliligi hem  peseldýär.
  • Ak – üstünlikli adamlaryň reňkidir.  Pikirleriňiziň beýlekiler tarapyndan kabul edilmegini isleseňiz, beýleki adamlaryň göwnünden turmak isleseňiz, islendik işi aňsat alyp barmak isleseňiz ak reňki saýlaň. Onuň ägirt uly güýji bar. Adamlary herekete getirmäge we höweslendirmäge ukyply. Ak reňk  bu hakyky kämillikdir. Hoşniýetlilik, adalatlylyk, açyklyk we yhlas  ak reňkde bolup biler. Reňkiň adamyň ruhy ýagdaýyna we fiziki ýagdaýyna oňyn täsiri bellenildi.  Elmydama gowy ýagdaýda bolmaga, güýçden doly bolmaga kömek edýär.  Munuň bilen ähli aladalaryňyzy, gorkularyňyzy taşlarsyňyz. Başarsaňyz  ak eşik geýiň, ak ulag münüň, ak jaýlarda ýaşaň!
  • Gara reňki syrly adamlar saýlaýarlar. Bilesigelijilik, ýeňijilik , başarjaňlyk häsiýetleri bar.Özlerine ünsi çekmäni  gowy görýärler.  Emma aslynda köplenç gara reňki durmuşda bir zadyny ýitiren adamlar halaýarlar.  Bular  hiç kim bilen aragatnaşyk saklamak islemeýärler. Bu reňkiň adam psihikasyna täsiri gaty uludyr. Gara reňkiň rahatlandyryjy täsiri bar. Şol bir wagtyň özünde dynç almaga mümkinçilik berýär. Hakykatyň düýbüne ýetmek isleseňiz  gara saýlaň.  Oýlanmak pursatynda gara geýniň. Durmuşyň möhüm bölegini gözläň!

Şeýlelik bilen, reňkiň adamlara täsir edýändigine we durmuşymyzyň ähli ugurlarynda möhüm rol oýnaýandygyna şübhe ýok.

                                                                                                                                                              Joşgun Hajyýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

ABŞ-nyň ilçihanasyndan möhüm wiza bildirişi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady