TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Reňkler dünýäsi üçin täze açyş

Ýsraýylyň Tel-Awiw şäherindäki uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen täze tehnologiýa, adaty kameralaryň we adamyň gözüniň kesgitläp bilmeýän reňklerini anyklap biler. Tehnologiýa tebigatda bar, ýöne göze görünmeýän birleşmeleri, infragyzyl spektrde wodorod, uglerod we natriý ýaly gazlaryň özboluşly reňklerini görkezer. Bu täze tehnologiýa howpsuzlyk, lukmançylyk we astronomiýa ugry boýunça düzüldi we ol kompýuter oýunlaryndan başlap surata düşmek ýaly dürli ugurlarda köp mümkinçilikleri açyp berer diýip çaklaýarlar.

Lukmançylykda berjek kömegi

Ýokary molekulýar dykyzlygy bolan belli bir görnüşdäki rak öýjüklerini, reňk tanaýyş arkaly aňsatlyk bilen tapyp bolar. Häzirki wagtda ulanylýan ýa-da öwrenilýän infragyzyl kesgitleme tehnologiýalary has gymmat we örän çylşyrymly kameralary talap edýär. Alymlar bu täze öndüren tehnologiýasy arzan bahaly diýip nygtadylar.

“Adamyň gözi, reňkleri 400 bilen 700 nanometr tolkun uzynlygy aralygynda görüp bilýär” diýip, lukman Maýkl Mreýen belleýär.

“Biz adamlar diňe gyzyl we gök reňkleri görüp bilýäris. Olary infragyzyl görnüşde görüp bilsek, onda wodorod, uglerod we natriý ýaly elementleriň özboluşly reňklerini anyklap bilerdik ” diýip, lukman Haim Suhowski belläp geçdi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle