JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagy mümkin

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Bu saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň “TÜRKSOÝ” halkara žurnalynyň baş redaktory Salim Ezer häzirki wagtda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedigini we onuň çäklerinde işjeň iş alyp barýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygyna ýurdumyzyň haçan bu guramanyň doly hukukly agzasy boljakdygy baradaky sowal bilen ýüzlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri nesli oguzlardan gaýdýan türki halklaryň köküniň birdigini belläp, şu ýylyň biz üçin şanly ýyldygyny nygtady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän bu ýylda biz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram edýäris.

Şanly sene mynasybetli uly dabaralar guralar. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, sammit geçiriler. Bu sammite Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Şular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy şol sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagynyň mümkindigini belledi.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?