• Ýazyjynyň ady we familiýasy:Rejep Rejebow
  • Doglan ýeri:Häzirki Serdar etrabynda
  • Doglan senesi:1944-nji ýylyň 23-nji iýunynda
  • Aradan çykan senesi:2021-nji ýylyň 10-njy ýanwary
  • Bilimi:1959-njy ýylda Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine truba saz guraly boýunça, 1963-nji ýylda kompozisiýa hünäri boýunça Moskwa konserwatoriýasyna okuwa girýär.
  • Gysgaça maglumat:

    Rejep Rejebow Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet we Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, SSSR-iň kinematografiýa birleşiginiň agzasy, SSSR-iň kompozitorlar birleşiginiň başlygy, zehinli kompozitor, tejribeli mugallym. Kompozitor Garaşsyzlyk ýyllary içinde-de «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary, «Galkynyş», «Bitaraplyk», «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenleri, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanyp birnäçe döwlet baýraklaryna mynasyp boldy.

  • Döredijiligi:

     

    Kompozitor Rejep Rejebow ussat suratkeş Juma Rejebowyň ogly. Rejebowlaryň öýünde hemişe saz ýaňlanypdyr. Çagalykdan halk sazlary, nusgawy hem-de günbatar ýewropa sazlaryndan gulagy ganmagy onuň saz dünýäsine imrinmegine ýol açýar. Ol ýörite sazçylyk mekdepde okaýan döwründe esasy hünäri bilen bilelikde kompozitor Durdy Nuryýewiň ýolbaşçylygynda kompozisiýada hem öz ilkinji ädimlerini ädip ugraýar. Bu ýerde ol ussat mugallymlarda bilim alýar.

    1. Rejebow heniz Moskwa konserwatoriýasynda okap ýören döwründe kinofilmler üçin saz döretmekde-de ilkinji ädimlerini ädip başlaýar. R. Rejebowy kino älemine ilkinji aralaşdyran zehinli režissýor Bulat Mansurow. Ol Rejep aga bilen bir döwürde Moskwadaky döwlet kinematografiýa institutynda bilim alypdy. Bulat Mansurowyň režissýorlygyndaky  «Suwsuzlygy gandyrmak», «Gyrnak» atly  çeper filmlere ýazan sazlary R. Rejebowyň kino sazy žanrynda döreden ilkinji işlerine girýär.   Rejep Rejebow  öz köpsanly wokal eserleri, altmyşdan gowurak kinofilm üçin döreden sazlary, ençeme kamera-instrumental we sazly-sahna eserleri  bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedir. Onuň döredijiliginiň esasy bölegi  kinofilm sazlaryna we köpsanly wokal eserlerine  degişlidir.  Kompozitor  «Iki gezek doglan»,  «Gelin», «Aýal ata çykanda», «Jemalyň daragty», «Altynyň öwüşginleri», «Ykbal» ýaly halkyň söýgüsini gazanan meşhur kinofilmleriň sazlarynyň awtory. Onuň döreden köpsanly aýdymlarynyň arasynda «Dillen, läläm», «Ýalňyz ýoda», «Deňeýän», «Saňa», «Humaý gözli», «Armanym»  ýaly eserleri hem ençeme ýyllar bäri diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýar.

    1980-nji ýyllarda R.Rejebow türkmen kamera-instrumental sazynyň taryhynda ähmiýetli roly oýnan Wiolonçeliň solosy üçin sonata,Goboý we kamera orkestri üçin konserti, N. Halmämmedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan fortepianoly kwintet-poemasy eserlerini döredýär.

    Halypa kompozitor ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen tä ömrüniň ahyryna çenli dürli žanrlarda işledi. Ol hor we ýekelikde ýerine ýetirmek üçin niýetlenen wokal eserleri bilen bir hatarda kinofilmler üçin saz döretmegini dowam etdirdi.  Ol «Görogly» operasyny döredýär. Operanyň  täzeden işlenen görnüşi  2011-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirildi.

    Instrumental eserleriniň arasynda gülläp ösýän ýurdumyzy wasp edýän «Galkynyş» atly dabaraly eseri aýratyn orny eýeleýär. «Galkynyş» uwertýurasy awtor tarapyndan 2009-njy ýylda ýazyldy.         R. Rejebow ömrüniň ahyrky günlerinde-de işjeň döredijilik zähmetini alyp bardy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäri boýunça bilim alýan talyplara sapak berdi. Kompozitor diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara medeni çärelere gatnaşdy. Soňky on ýyllygyň içinde kompozitor Rusiýa Federasiýasynda, Rumyniýada, Awstriýa Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşyp, türkmen saz sungatynyň ajaýyplyklaryny wasp etmekde  saldamly goşandyny goşdy. R. Rejebow sazlaşyk we ruhy sagdynlyk ýaly seýrek duş gelýän häsiýete eýedir. Kompozitoryň döredijiligi häzirki hem geljekki nesiller üçin nusgadyr, göreldedir.

    Ol köp türkmen kino režissýorlary bilen bilelikde işleşip, ençeme kinofilmleriň sazyny ýazdy. Şeýlelik bilen, kino sazy kompozitoryň döredijiliginde kem-kemden esasy orny eýeleýär. R. Rejebowyň döredijilik şahsyýetini diňe bir zehinli kompozitor hökmünde däl, eýsem ençeme zehinli sazandalary terbiýelän ussat mugallym hökmünde hem häsiýetlendirip bolar. Konserwatoriýada işlän ýyllarynyň dowamynda R. Rejebow Rahmet Amangeldiýew, Döwlet Hanow, Merdan Annamyradow («Музыкальная палитра Дурды Байрамова» atly kompozitorlaryň halkara bäsleşiginiň laureaty), Merdan Ýazmyradow we başga-da birnäçe şägirtleri ýetişdirdi. Häsiýetiniň sypaýylygyna we ýumşaklygyna garamazdan, R. Rejebow örän talapkär mugallymdy. Ol öz talyplaryndan saz döretmekde oýlanyşykly çemeleşmegi, saz materialy bilen seresaply işleşmegi talap edýärdi. Beýan edilişiň aýdyňlygy,   formanyň çeýeligi, gurallamanyň durulygy we ýeňilligi kompozitoryň öz talyplarynyň öňünde goýýan esasy maksatlary bolupdyr. Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň başlygy wezipesinde birnäçe ýyl zähmet çekensoň, R. Rejebow az bolmadyk wagtyň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory bolup işleýär. Mugallymçylyk kärine uly arakesmeden soň gaýdyp gelýär. Konserwatoriýanyň «Kompozisiýa» kafedrasynyň dosenti bolmak bilen, R.Rejebow saz döretmek dersinden başga-da gurallama, simfoniki partituralaryny ýüzugra okamak boýunça sapak berýär. Ol halkymyzyň gyzgyn söýgüsini gazanan ussat kompozitor hökmünde kalplarda ýaşaýar.

  • Çeşme:Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň mugallymy Şemşat Annagylyjowanyň aýdan maglumatlaryna esaslanyldy.
  • Taýýarlan:Akgül SAPAROWA.
  • Taýýarlanan senesi:04/05/2022