TEHNOLOGIÝA

“Redmi Note 9” smartfony tanyşdyrylar

Hytaýyň “Xioami” kompaniýasynyň “Redmi” brendli smartfonynyň täze görnüşi halk köpçüligine hödürlener. Bu kompaniýanyň Hindistandaky şahamçasynyň Manu Kumar Jeýn “Redmi Note 9” model smartfonynyň satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi. Manu Kumar Jeýn bu smartfonyñ kamerasy beýleki smartfonlardan örän tapawutlanar diýip belläp geçýär. “Redmi Note 9” özüniň kamera dört burçlygynda 4 sany kamerany ýerleşdirer. “Redmi Note 9” daşky keşbi bilen örän owadan bolmagyna garaşylýar. Bu smartfonyñ 4 sany aýratynlygy bar: ýokary derejesindäki kamera, dizaýn boýunça owadanlygy, güýçli oýunlary oýnamak üçin işleýiş ulgamynyň ýerleşdirilmegi we güýçli tok berijisi bilen tapawutlanýar. Smartfon “Media Tek Hello” kristal gurluşy bilen telefonyñ ekrany 6,6 diagonala deñ bolup, operatiw ýady bolsa 64 Gb barabardyr. “Redmi Note 9” smartfonyñ tanyşdyrylyş dabarasy 2020-nji ýylyñ 12-nji martynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan emeli aň strategiýasyny kabul etdi

Saud Arabystanyda emeli aň mümkinçilikli howa menzili gurlar

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar