TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Redmi Note 9 Pro Max” satuwda

“Redmi Note 9 Pro Max” smartfony Hindistanda satuwa çykaryldy. Bu akylly telefon mart aýynda çykmalydy emma koronawirus ýokanjy sebäpli yza süýşürildi.

“Xiaomi” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “Xiaomi India” guramasynyň başlygy Manu Kumar Jain “Redmi Note 9 Pro Max” -iň başlangyç birinji tapgyry birnäçe minutda satylandygyny resmi taýdan yglan etdi. “Xiaominiň” hindi bölüminiň ýolbaşçysy ähli janköýerlere beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi we ikinji satuw tapgyrynyň indiki hepde boljakdygyny aýtdy.

“Redmi Note 9 Pro Max” mart aýynda “Redmi Note 9 Pro” bilen tanyşdyryldy. “Redmi Note 9 Pro” telefony karantinadan öň çykypdy.

Smartfon bir çipli “Qualcomm Snapdragon 720” ulgamyna esaslanýar, 6,67 dýuým ekran diagonaly, 6 Gb RAM we 128 Gb fleş ýady UFS 2.1, şeýle hem 512 Gb çenli ýat kartalaryny öz içine alýar.

Enjamyň öňdäki kamerasy diagonaly 6,67 dýum bolan ekranyň merkezi ýokarky bölegine ýerleşdirildi. Enjamyň öň we yzky panelleri goraýjy “Corning Gorilla Glass 5” aýna bilen örtülendir. Akylly telefonda barmak yzy tanaýan enjamy bar.

Esasy kamera 64, 8, 5 we 2 megapiksel durulykda şekil datçiklerini öz içine alýar. Öňki kameranyň ölçegi 32 megapiksel.

“Redmi Note 9 Pro Max-iň” batareýa kuwwaty 5020 mAh barabardyr.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle