TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Redmi Note 8 2021”

Şu ýylyň maý aýynda “Xiaomi” şereketi bütin dünýäde “Redmi Note 8” telefonynyň 25 milliondan köp satylandygyny mälim etdi. Şereket bu satyşy gutlamak üçin “Redmi Note 8 2021” telefonyny tanyşdyrdy. Gök, ak we gara reňklerde öndürilen telefon satuwa hem çykdy. Bu telefonyň “Redmi Note 8″ telefonyndan tapawudy ýok diýen ýaly. Telefonda selfi kamerasy, 6.3” FullHD+LCD ekran, arka tarapda barmak yzyny okaýjy sistema we 4 sany kamera bar.

“Helio G85 SoC” prosessoryndan güýç alýan telefonyň dürli görnüşli ýada eýe bolan modelleri (3 GB/64 GB, 4 GB/64 GB, 4 GB/128 GB) hem bar.

Şeýle hem bu telefon Bluetooth 5.2, “Android 11” arkaly işleýän MIUI 12.5, 4000 mAh batareýa, USB-C baglanyş nokady we 22.5W tiz zarýad bilen üpjün edilipdir.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Angela Merkel Russiýada we Ukrainada saparda bolar

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle