TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Redmi K50” we “Redmi K50 Pro” tanyşdyryldy

“Xiaomi” şereketi bu ýyl satuwa çykjak “Redmi K50” telefon seriýasyny tanyşdyrdy.

“Redmi K50” telefon seriýasy 67W-a çenli güýçlendirilen tiz zarýad tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. “Redmi K50” telefonynda 48 megapiksellik kamera, “Redmi K50 Pro” telefonynda bolsa, 108 megapiksellik kamera bar. Şeýle hem “Redmi K50 Pro”-da 120W tiz zarýad tehnologiýasy ýerleşdirilipdir. Bu telefonlaryň ikisinde hem kamera sensory we barmak yzyny okaýjy sistema ýatdan çykarylmandyr.

Indi “Xiaomi” şereketiniň bu telefonlary “Mi 12” telefon seriýasy bilen bilelikde dekabr aýynda satuwa çykarmagyna garaşylýar.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Garşyňyzda “Oppo Watch 2”

 

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle