TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Real”-“Mançester Siti”: oýnuň ykbaly jogap duşuşygynda

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Final derejesindäki bu duşuşykda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary öz meýdançasynda Angliýanyň “Mançester Siti” toparyny kabul etdi.

Örän çekeleşikli we köp sanly amatly pursatlaryň bolan duşuşygynda hasap 1:1 tamamlandy. Ispan toparyndan brazil futbolçy Winisius uzak aralykdan oýnuň 36-njy minutynda örän owadan gol geçirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda iňlis toparyndan Kewin de Bruýneniň 67-nji minutyndaky goly hem birinji goldam kem galmady. Belgiýaly futbolçy hem uzak aralykdan owadan gollarynyň birini geçirmegi başardy.

Oýnuň ykbaly indiki hepde, ýagny 17-nji maýda Angliýada geçiriljek jogap duşuşygynda belli bolar.

Ispan toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti 190-njy Çempionlar ligasynyň duşuşygynda tälimçilik etdi. Ol bu ugurda Aleks Fergýusony ýetdi.

“Real” topary 16-njy gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda çykyş etdi.

Iňlis toparynyň ispan tälimçisi Hosep Gwardiola bolsa, tälimçilik eden toparyny Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna 10-njy gezek çykardy. Ol mundan ozal, “Barselona” topary bilen 4 gezek, “Bawariýa” hem-de “Mançester Siti” bilen 3 gezek ýarym finala çykdy.

 

Ýene-de okaň

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Real Eden Hazard bilen şertnamasyny bes etdi

Teswirle