TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Real” – dünýäniň iň gymmat futbol topary

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary dünýäniň iň gymmat futbol topary boldy. Meşhur “Forbes” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gymmat sport toparlarynyň sanawy düzüldi. Şol sanawda ispanlaryň şa kluby “Real” topary 5,1 milliard dollarlyk bahasy futbol toparlarynyň arasynda birinji orny eýeledi.

“Real” topary umumylykda bolsa, 13-nji orny eýeledi. Futbol toparlaryň arasynda ikinji orny “Barselona” (5 mlrd, umumylykda 15-nji), üçünji orny “Mançester Ýunaýted” (4,6 mlrd, umumylykda, 19-njy) topary eýeledi.

Şeýle hem futbol toparlaryň sanawynda “Liwerpul”, “Bawariýa”, “Mançester Siti”, “PSŽ” we “Çelsi” ýaly toparlar bar.

“Forbesiň” sanawy boýunça iň gymmat sport topary “Dallas” boldy. Onuň bahasy 8 millirad dollara barabardyr. Degişlilikde, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän “Nýu-Inglend Petriots” we “Los-Anjeles Rems” toparlary bilen bir hatarda “Dallas” hem adaty futbol däl-de, amerikan futbolynyň toparlarydyr.

Umumylykda, 4-nji orny “Ýankis” beýsbol topary eýeledi.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle