Ispaniýanyň Şa kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Real Madrid” bilen “Osasuna” toparlary duşuşdy. Duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” topary 2014-nji ýyldan soňra ispan kubogyny gazanmagy başardy.
Şeýlelikde, 20-nji gezek Ispaniýanyň kubogyny gazanyp, topar umumylykda 100-nji kubogyny gazanmagy başardy.
Şu wagta çenli Ispaniýanyň kubogyny iň köp, ýagny 31 gezek “Barselona” gazandy, 23 gezek bolsa “Atletiko” bu arzyly kubogyň eýesi boldy.
Toparyň italýan tälimçisi Karlo Ançelotti “Real Madrid” topary bilen 10-njy kubogyny, umumylykda tälimçi hökmünde 26-njy kubogyny gazandy.
Ispan toparynyň düzümindäki fransuz hüjümçi Karim Benzema bolsa, 33-nji kubogyny eýeläp, taryhdaky iň köp kubok gazanan fransuz futbolçy boldy. Ol futbol karýerasynda “Real Madrid” toparynyň düzüminde çykyş eden döwründe 25 kubok, “Lion” topary bilen 7 kubok, Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen 1 kubok gazandy.