DÜNÝÄ

Reý Kursweýle görä asyryň tehnologik çaklamalary

«Google» kompaniýasynyň tehnika boýunça direktory, meşhur tehnolog Reý Kursweýl baryp 1990-njy ýyldan bäri tehnologiýa dünýäsiniň Wangasyna öwrülip gelýär. Onuň tehnologiýanyň ýaşaýşymyza täsiri hakynda şu wagta çenli öwren çaklamalarynyň tas ählisi hakykata öwrüldi. Eýsem, Reý Kursweýl 2099-njy ýyla çenli nämeleri diýýärkä? Geliň, gysgaça tanyş bolalyň!

2020: Şahsy kompýuter ynsan beýnisiniň isleglerini doly öwrenip biler.

2021: Simsiz Internet Ýer ýüzüniň 85 göterimini gaplap alar.

2025: Implantat gurluşlar tehnologiýa bazarynda peýda bolar.

2030: Senagata ornaşdyrylýan nanotehnologiýalaryň netijesinde öndürmesi mümkin bolmadyk önüm galmaz.

2035: Älem tehnologiýanyň ösüşi Ýeri astreoitleriň howpundan doly gorap biler.

2040: Tehnologik gurluşlar adam bedenine berkidilip, amallar gürlemek arkaly däl-de, pikirleniş bilen ýerine ýetiriler. Olaryň netijeleri linzalaryň kömegi bilen ýörite ekrana çykar.

2045: Tehnologiki ýeke-täk ulgam tutuş dünýäni uly bir kompýutere sygdyrar.

2099: Tehnologiki ýeke-täk ulgam tutuş älem giňişligini gaplap alar.

Biz sanawy gysgaltdyk, käbir aýdylýan zatlary bolsa akyla sygdyrmak hem kyn. Ýöne häzirki bolup ýören tehnologiki ösüşleri mundan 10 ýyl ozal hem akylymyza sygdyryp bilemzokdyg-a!

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Özbegistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

«Türkmenistan-BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistan ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri