TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Raýat ýagdaýynyň ýazgylary onlaýn hasaba alnar

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu synag taslamasy raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny hasaba alýan ulgamyň hyzmatlaryny sanlylaşdyrmaga we Türkmenistanyň Adalat ministrligi üçin raýat ýagdaýyň ýazgylarynyň Bütewi döwlet sanawyny döretmäge gönükdirilendir. Ol sanly ulgamy döretmek we ornaşdyrmak boýunça degişli tehniki goldaw bermek we bu taslamany synag ýagdaýynda amala aşyrmak üçin işgärleri okatmagy öz içine alýar.

Mysal üçin, BMGÖM Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryryny hasaba alyş ulgamyny sanlylaşdyrmak bounça ýol kartasyny taýýarlady, ýurdumyzda bar bolan kagyz ýüzündäki ýazgylary sanlylaşdyrmagyň tehniki mümkinçiligini öwrendi we bar bolan raýat hasaba alyş ýazgylaryny sanlylaşdyrmagyň usulyny saýlap aldy.

Raýat ýagdaýynyň ýazgylary döwlet tarapyndan hasaba alnandan soň, ýagdaýynyň ýazgysy amala aşyrylan adamlara elektron görnüşinde şahadatnama berilýär, zerur bolan halatynda, resminamany beren şahsyýetiň elektron sanly goly bilen möhürlenen kepilnama berilýär. Olaryň haýyşy boýunça, gol we resminamany beren bellige alyş edarasynyň resmi möhüri bilen tassyklanan kagyz ýüzündäki şahadatnama-da berilýär.

Raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň hasaba alynmagynyň sanlylaşdyrylmagy her bir adamyň döwlet tarapyndan edilýän hyzmaty almagynyň has amatly bolmagyna ýardam eder.

 

“Aşgabat-siti”: 200-den gowrak bina gurlar

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle