TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Raýat awiasiýanyň ösüşli menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryhy pursatlara, şanly wakalara beslenýär.

«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky №2078 belgili Kararyna laýyklykda, Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S» kompaniýasynyň «A330-200» kysymly ýük howa gämisiniň ikinjisi Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu kysymly howa gämisiniň birinjisi 2023-nji ýylyň mart aýynyň 17-sine ýurdumyza getirildi. Şonuň yzysüre şeýle döwrebap howa gämisiniň ýene-de biri paýtagtymyz Aşgabada geldi.

Häzirki zaman ýük howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa ýük gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge amatly şertleri döreder.

Häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ugurdyr. Şonuň üçin-de bu toplumy ösdürmek we täze belentliklere çykarmak boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, «Türkmenhowaýollary» agentliginde hem taryhy işler durmuşa geçýär. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, agentligiň hünärmenleri ak ýürekden, yhlasly zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli awiasiýamyzy ösdürmek boýunça wezipeleri öňde goýmak bilen, işgärleriň – uçarmanlaryň hem-de hyzmat ediş gulluklarynyň hünärmenleriniň taýýarlanylmagyny üýtgewsiz talap hökmünde öňe sürýär.

«Türkmenhowaýollary» agenliginiň howa gämileri içerki gatnawlardan başga-da, dünýä ýurtlarynyň onlarça şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Uçuş ugurlarynyň sany yzygiderli artýar.

Ulag we kommunikasiýalar ulgamynda işjeň halkara hyzmatdaşlygy dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşýan häzirki şertlerinde goşulyşmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Türkmenistan diňe Beýik ýüpek ýoluny täze keşbinde dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem iri halkara logistika merkezine öwrülip, sebitdäki iň möhüm ulag çatrygyna öwrülýär. Bu niýetler ýurduň amatly geografiki ýerleşişi we wajyp başlangyçlary öňe sürýän we olary ilerletmek üçin amaly çäreleri görýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag syýasaty sebäpli yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Munuň üçin häzirki zaman halkara standartlaryna laýyk gelýän ulag infrastrukturasy döredilýär, awtoulag ýollary gurulýar, transmilli demir ýollar, wokzallar, Türkmenbaşy şäherinde täze deňiz porty gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, diňe ýurduň içindäki sebitleri däl-de, eýsem goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtoýol köprüleri gurulýar.

Ulag hyzmatlarynyň ösmeginde raýat awiasiýasy möhüm orun eýeleýär. Döwlet baştutanynyň tabşyrygy boýunça iň täze uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar we tehniki işgärler taýýarlanylýar, bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar we täzeleri gurulýar.

Yhlas Täjiýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň

Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Bilim – kämillige ýol we üstünligiň açary

Magtymguly-ynsan köňlüniň çyragy

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Teswirle