TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ramos “PSŽ” toparyna goşuldy

Ispaniýaly goragçy Serhio Ramos erkin agent hökmünde Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzümine goşuldy.

Iýun aýynyň ahyrynda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti tamamlanan Ramos mundan beýläk futbol durmuşyny Fransiýada dowam etdirer. Ol Kilian Mbappeli, Neýmarly “PSŽ” topary bilen 2023-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Ramos 16 ýyl Madrid klubynda çykyş etdi we 35 ýaşly futbolçynyň şertnamasynyň möhletiniň uzaldylmagy babatda ylalaşyk gazanylmady. Ondan öň Ramos “Sewilýa” toparynyň düzüminde oýnapdy.

“PSŽ” toparynda goşulmakdan diýseň hoşal. Bu meniň durmuşymdaky täze özgerişlik bolar. Bu güni hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Bu ägirt uly taslamanyň bir bölegi bolup, ajaýyp oýunçylar bilen bir topara goşulanym üçin buýsanýaryn. Bu klub eýýäm iň ýokary derejede özüni tanatdy we berk binýady bar. “PS” toparynyň täze derejeler gazanmagyna kömek etmek isleýärin “-diýip, Ramos belläp geçdi.

 

Dünýäniň iň çuň howuzy açyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Teswirle