JEMGYÝET

Rameş Kumar bilen söhbetdeşlik

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Beýik ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Galyberse-de, birnäçe ýurtlaryň ilçihanalarynyň, şol sanda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynyň gurnamagynda halkara sergisi geçirildi. Biz hem şol sergide Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Rameş Kumar bilen söhbetdeş bolduk. Wekiliň beren maglumatlaryny hem giňişleýin saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris.

         – Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu günki halkara sergisinde biz hem öz gezegimizde ýurdumyzyň milli medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän birnäçe gymmatlyklary tanyşdyrdyk. Sergide hindi halkynyň milli egin-eşiklerini, bezeg şaý-seplerini, dini-ynançlary bolan heýkelleri görkezdik. Esasan-da, hindi gyzlarynyň milli köýnegi bolan “sari” köpleriň ünsüni özüne çekdi. Ol millilik hindi halkynyň has gadymyýetinde hem meşhurlyga eýe bolan. Ýüpekden dokalan şol matany gysymlanyňda bir ýüzügiň içinden geçip gidýändigi sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

         Men, eýýäm, bäş aý bäri Türkmenistanda. Umumy alanyňda, ýarym ýyla golaý wagt juda az. Ýöne muňa garamazdan, Türkmenistan we onuň halky bilen içgin tanyşmak üçin ýeterlik wagt boldy. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi has hem uly täsir galdyrýar. Ýene bir zady aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki wagta çenli men dünýäniň birnäçe döwletlerinde boldum. Şolaryň içinde Aşgabat – ekologiýa  taýdan iň arassa şäher diýip  çaklaýaryn. Ýene birnäçe wagt bu ýerde bolup, has-da ýakymly ýatlamalary toplaryn. Bu babatda maňa www.atavatan-turkmenistan.com halkara saýtynyň habalary hem ýardam berer.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Özbegistanda saparda bolarlar

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýapon-türk hyzmatdaşlygynda täze karbamid zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy