JEMGYÝET

Rahat uky ― işjeňligiň esasy şerti

Ukudan ganmak ýa-da rahat uky gündizki etsem-goýsamlaryň amala aşmagyndaky esasy şertdir. Aýdaly, siz ertir synag tabşyrmaly. Ýöne synagy alada edip, gije rahat uklap bilmediňiz. Dynç alyp bilmedik beýni bilen synaga girmek size nä derejede üstünlik getirer? Şonuň üçin ukynyň rahat alynmagyna üns beriň!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas uniwersitetiniň alymlaryny diňleseň-ä, munuň örän ýönekeý çözgüdi bar.  Bu çözgüt barada bize ýene-de «Medical Ekspress» habar berýär. Olaryň aýtmagyna görä, uklamazdan öň suwa düşmek rahat ukynyň iň esasy şertleriniň biridir.

Alymlar ukynyň rahatlygyny gazanmak üçin synaglaryň 5322-sini geçirip gördüler. Olar suwa düşünmegiň adaty günlerden 10 minut ir uklamakda peýdalydygyny aýdýarlar.

Ýöne suwa düşülende hem käbir aýratynlyklara üns bermeli. Olaryň birinjisi suwuň gyzgynlyk derejesidir. Gyzgynlyk 40 ― 43 dereje aralygynda bolmaly. Özi hem ýatylmazyndan 90 minut öň suwa düşmek has peýdalydyr.

Ýene-de okaň

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini Nowruz baýramy bilen gutlady

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi bilen gutlady

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işleri metbugatda giňden wagyz ediler

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbedäki Halkara zergärçilik sergisine gatnaşýar