JEMGYÝET

“Radio Garden” bilen türkmen radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi

Radio Garden” programmasynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň haýsy nokadynda bolsaňyz hem, Türkmenistanyň radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi döredi. Dünýäniň ähli ýurtlarynyň radioýaýlymlaryny özünde jemleýän “Radio Garden” programmasynyň işläp başlamagy netijesinde, Türkmenistanyň hem hereket edýän radioýaýlymlaryny diňlemek mümkin. “Çar Tarapdan” radioýaýlymyny FM 103,9, “Miras”  FM 103,9, “Owaz” FM 101,3 we “Watan” FM 102,7 radioýaýlymlaryny diňlemek üçin ykjam telefonlaryňyza “Radio Garden” programmasyny gurnamak ýeterlik bolar. Türkmenistanda gündelik bolup geçýän habarlary türkmen, türk, rus we iňlis dillerinde “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty arkaly dünýäniň islendik künjeginden okap, habarly bolmak mümkinçiligi ýaly, Türkmenistanyň teleýaýlymlaryny hem göni ýaýlymda “www.turkmentv.gov.tm” saýtyndan tomaşa edip bilersiňiz. Edil şunuň ýaly, Türkmenistanda neşir edilen gazet–žurnallaryň “pdf” görnüşlerini “www.metbugat.gov.tm” saýtyndan okap bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa bardy