BILIMJEMGYÝET

“QS World University Rankings 2025”: dünýäniň abraýly uniwersitetleriniň sanawy

“QS World University Rankings 2025” dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawy taýýarlandy. Bu sanawda ABŞ-nyň dünýä belli Massaçusets tehnologiýa instituty 13 ýyldan bäri yzly-yzyna birinji bolup gelýär.

Quacquarelli Symonds”  guramasy tarapyndan taýýarlanýan sanawda 2025-nji ýyl üçin abraýly ýokary okuw mekdepleri atlary girizildi. Bu sanaw düzülende ýokary okuw mekdepleriniň bilim bermek boýunça abraýy, iş bilen üpjünçilik abraýy, daşary ýurtly mugallymlaryň hem-de daşary ýurtly talyplaryň paýy ýaly görkezijiler göz öňünde tutulýar.

Umaman, sanawda 100 döwletden 1500 ýokary okuw mekdebi bar. Birinji orny Massaçusets tehnologiýa instituty eýelän bolsa, ikinji orny Londonyň Imperiýa kolleži eýeledi. Şeýle hem ilkinji onlukda Garward, Stenford, Sýurihiň ýokary tehnologiýa mekdebi, Singapuryň milli uniwersiteti, Lonodnyň uniwersitet kolleži, Kaliforniýa tehnologiýa instituty bar.

Beýik Britaniýanyň meşhur reýting agentliginiň “QS World University Rankings” reýtingi Türkmenistan döwletimiz tarapyndan hem ykrar edilýär.

Türkmenistan döwletimiz “QS World University Rankings” reýtingiň düzümine görýän abraýly halkara uniwersitetleriň diplomlaryny ykrar edýär.

Hytaýyň iň gowy 100 uniwersitetiniň arasynda dördüsiniň orny ýokarlandy. Pekin uniwersiteti öz ornuny (14-nji) üç basgançak ýokarlandyrdy.

Hindistan ajaýyp öňegidişlik görkezdi: 46 uniwersiteti bu sanawda öz ornuny saklap galýar.

Şeýle hem täze sanawda Indoneziýa, Pakistan we Türkiye ýaly döwletlerde hem möhüm ösüşleri hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

Ýaş alymlar sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmen-koreý gatnaşyklary sanlarda

Ata Watan Eserleri