Türkmen halky beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini paýhas çeşmesi, terbiýe mekdebi hökmünde nesilden-nesle geçirip gelipdir. Ynsanperwer ýörelgeleriň umumadamzat hazynasyna ägirt uly goşant goşan zehinli şahyrymyzyň döredijiligi paýhasly pikirleriň ummanydyr. Şahyryň agzybirlik, berkarar döwlet gurmak, watansöýüjilik, ata-enäni hormatlamak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, mätäji goldamak, ylym-bilim öwrenmek, edepli-ekramly bolmak, ynsanperwerlik, söýgi, mertebe, sagdyn durmuş baradaky şygyrlary durşuna terbiýeçilik mekdebidir.
Onuň şygyrlarynyň her birinde halkymyzyň terbiýeçilik ýörelgeleri, akyl-paýhas gönezligi şöhlelenýär. Ýaşaýşyň manysy, ýagşylyk we ýamanlyk, adam mertebesi, borç, ynsap, mertlik, halka, Watana bolan söýgi şahyryň şygyrlarynda täsirli beýan edilip, zehini taplaýar, durmuşda dogry ýoly salgy berýär.
Beýik akyldaryň döredijiligi solmaýan, könelmeýän, gymmaty öçmeýän hazynadyr. Ol şygyrlar öz döwürdeşleri üçin ýiti ähmiýete eýe bolşy ýaly, şu günki nesiller üçin hem gymmatlydyr. Bu şygyrlaryň ruhy we terbiýeçilik taýdan täsir ediş güýji hem örän uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ynsanda päkize duýgularyň döräp, berk häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär. Akyldaryň pikirleri biziň dünýägaraýşymyzyň kämilleşmegine, raýdaşlyk, rehimlilik duýgularymyzyň ösmegine tasir edýär. Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwer pikirler durmuşyň manysy we maksady hakyndaky soraglara jogap tapmaga kömek edýär.
Şahyr ýaşaýşyň manysyny ynsanyň eden işlerine, onuň özünden soňra goýan ýagşy adyna baglydygyny çeper beýan edýär. Şahyryň özünden ýagşy at, ýagşy yz goýmalydygy hakyndaky çagyryşlary ynsanyň durmuşa döredijilikli gatnaşykda bolmagy, okamagy, alymlara uýmagy, hünär öwrenip, zähmet çekmegi ýaly garaýyşlarynda beýanyny tapýar.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr. Ýurdumyzda söz ussadynyň pähim-paýhasly döredijiligini çuňňur öwrenmek hem-de dünýä ýüzünde wagyz etmek bilen bagly tutumly işler alnyp barylýar.
Akyldaryň çuňňur pelsepä ýugrulan şygyrlarynda bitewülik, agzybirlik, döwletlilik taglymatlary öňe sürülýär. Bu arzuwlar ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra amala aşdy. Şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten köpöwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany söýmek ýaly we ynsanperwer çagyryşlary, öwüt-ündewleri bu gün adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilen 2014-nji ýylda onuň ajaýyp şygyrlary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi.
Meşhur filosof, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy indi asyrlaryň dowamynda gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly kitaplarynda akyldaryň döredijiligine belent sarpasyny giňden beýan edýär.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda 2024-nji ýylda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge ýokary guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şanly sene mynasybetli Guramaçylyk komitetiniň döredilmegi has-da guwandyryjydyr. Munuň özi türkmeniň akyldar şahyryna belent hormat goýulýandygyny tassyklamak bilen, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren şahyryň döredijilik mirasyny mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenmeklige giň ýol açýar. Akyldar şahyryň halkymyza bagyş eden goşgy setirleri häzirki hem-de geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, hem-de olaryň halal, ynsanperwer, zähmetsöýer adamlar bolup kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň watansöýüjilik, adalatlylyk, durmuş-ýaşaýyş baradaky pikir ýöredýän goşgulary manysynyň çuňlugy bilen okyjylarda örän uly täsir galdyrýar.
Bu babatda Arkadagly Serdarymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär. Bu toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler» diýip belleýär.
Resulberdi Ataýew, TOHU-nyň mugallymy.