TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Putin Täjigistanda we Türkmenistanda saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin şu hepde Täjigistanyň paýtagty Duşanbe we Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde saparda bolar. Bu barada “Rossiýa 1” teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Moskwa. Kreml.Putin” gepleşiginde habar berildi.

– Wladimir Putin ilki bilen Duşanbe şäherine geler. Bu ýerde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer we öýlän naharynda duşuşar. Bu duşuşykdan soňra Wladimir Putin Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geler – diýlip, bellenilýär.

Hazar bäşligi – Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Türkmenistan.

bu saparyň yzysüre ýagny 30-njy iýunda Wladimir Putin Moskwada Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo bilen duşuşar.

Wladimir Putiniň Merkezi Aziýa döwletlerine sapary Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başlan çylşyrymly ýagdaýdan soňra ilkinji daşary ýurt saparydyr.

Mundan ozal Putin şu ýylyň fewralynda Hytaýdaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşypdy.

 

Gazagystanyň Prezidenti Hazar sammitine gatnaşýar

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Teswirle