TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Putin Täjigistanda iş saparynda boldy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde iş saparynda boldy. Duşanbede Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Wladimir Putin soňky gezek Täjigistanda 3 ýyl mundan ozal bolupdy. Duşanbedäki gepleşiklerde Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi. Putin täjigistanly migrantlaryň Russiýanyň ykdysadyýetine uly goşant goşýandygyny hem belledi.

Prezident Emomali Rahmon bolsa, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyndaky öňegidişlik barada durup geçdi. Ol Täjigistanyň Russiýanyň 80 sebiti bilen hyzmatdaşlyk edýändigini mälim etdi.

2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolaşygyny 1 milliard 200 million dollara barabar boldy. Russiýa Täjigistana mineral dökünler, azyk önümleri, agaç önümleri, metallar, himiýa senagaty harytlary, ulag we tehnika eksport edýär. Täjigistan bolsa öz gezeginde Russiýa dokma we aýakgap önümleri, azyk we oba hojalyk önümlerini iberýär.

Energetika pudagynda hem işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 2009-njy ýylda Sangtud gidroelektrik stansiýasynyň birinji tapgyry guruldy. Bu taslamanyň maliýeleşdirilmeginiň 75 göterimi rus tarapyndan amala aşyryldy.

Russiýa şol bir wagtda Täjigistanyň ykdysadyýetine maýa goýmakda hem öňdebaryjydyr. 2 milliard dollara golaý maýa goýumlary özleşdirildi. 300-den gowrak rus kapitaly bolan kompaniýa iş alyp barýar.

Täjigistanda Moskwa döwlet uniwersiteti ýaly birnäçe rus ýokary okuw mekdepleriniň şahamçasy bar. Russiýanyň ýokayr okuw mekdeplerinde 22 müňden gowrak täjik talyby bilim alýar.

 

Türkmen wekilýetiniň Wýetnamdaky duşuşyklary

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle