TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Putin: Hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar sammitinde çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky syýasat, ykdysadyýet we howpsuzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýandygyny belledi.

Ekologiýa howpsuzlygy, Hazaryň we deňiz serişdeleriniň goralmagy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellän Putin Russiýanyň Hazaryň biodürlüligini gorap saklamaga uly goşant goşýandygyny belledi.

ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Hazarýaka döwletleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellän Wladimir Putin Hazar deňzinde ýerleşýän nebit we gaz ýataklaryny bilelikde ulanmak barada şertnamalaryň eýýäm durmuşa geçirilýändigini belledi.

SÖWDA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK

Wladimir Putin Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwdanyň ösýändigini belläp, 2021-nji ýylda haryt dolanyşygynyň ep-esli artandygyny belledi.

Putin ulag geçelgelerini pugtalandyrmagyň zerurdygyny belläp, onuň sebitiniň ulag-logistika ýagdaýyny gowulandyrjakdygyny mälim etdi.

MEDENI TASLAMALAR

Hazarýaka döwletleriniň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň hem ösdürmegiň möhümdigini bellän Putin haly dokamagyň ajaýyp eserleriniň sergisi we Hazar kino forumy ýaly taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

“Medeniýet ministrliklerine ýurtlarymyzyň buýsanjy bolan haly dokamagynyň ajaýyp eserlerini bir ýere jemlemek we onuň sebitde sergisini festiwal görnüşinde geçirmek üçin synag taslamasy hökmünde görkezme bermegi teklip edýäris” -diýip, Putin belledi.

 

Ýene-de okaň

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri