TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Pul gazandyrýan Intellektual bäsleşik başlaýar : Intellekt Bonus

“Intellekt Bonus” adyndaky intellektual bäsleşigiň ilkinji sany bu agşam (5 Mart 2022) sagat 22:00-de Atavatan TV YouTube kanalynda Size garaşýar.  Bäsleşige tomaşa etmek üçin şu ýere basyň! Bäsleşigiň ilkinji sanynda 4 sany ýaş oglan-gyzymyz bäsleşdi we bir ýeňiji pul baýragyna eýe boldy. Örän çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde näçinji soragyň soralmalydyny bäsleşige gatnaşýanyň özleri saýlaýar, emma 1-den 48-e çenli üsti ýapylan soraglardan haýsysynyň aňsat ýa-da kynlygy, ýa-da haýsy ugra degişlidigi haçanda soraglar ekrana gelýänçe gatnaşyja mälim däl! Ekrana bir sorag we 4 jogap gelýär. Jogaplar bir-birine ýakyn, emma olaryň ýekejesi dogry, 3-si bolsa ýalňyş. Bäsleşikde 4-nji soragdan soňra Makul Çäk diýen bir pursat bär, şol pursatda gatnaşyjy islese şol wagta çenli ýygnan bonuslarynyň garşylygynda manat alyp bäsleşikden çekilip bilýär, ýa-da bäsleşige dowam edip bilýär. Bäsleşige dowam edende ýeňiji bolup pul baýragyny, şeýle hem Final tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe bolup biler, ýa-da ähli ýygnan bonuslary 0-a gaçyp biler. Bu ýerdäki töwekgelçilik gatnaşyja degişli!

Intellektual bäsleşigimiz “Makul Hyzmat” terjime merkezi, 4 dilde sözlük-Makul Sözlük (www.makulsozluk.com) we Türkiýede bilim almak isleýän talyplara maslahat hyzmatlaryny we terjime hyzmatlaryny berýän, Stambul şäherinde ýerleşýän Atavatan Danışmanlık LTD kompaniýasynyň hemaýat bermeginde ýazgy edildi. Bäsleşik,  esaslandyrjymyz we baş redaktorymyz Dr.Döwran Orazgylyjow tarapyndan alnyp barylýar. Leýla Şadurdyýewna we Mähri Berdiýewa bäsleşigiň şowly geçmegi üçin kömek berýär. Bäsleşigiň redaktory Şamil Roznazarow bolsa, wideo operatory we montaž işlerini  Kakajan Babaýew üstünlikli amala aşyrdy. Bäsleşik ýazgy edilýän pursadynda, şeýle hem Size ýetirilýänçe geçen ähli işlerde  Atavatan TV kanalymyzyň ähli döredijilik topary, şeýle hem Makul Hyzmat Terjime merkeziniň işgärleri öz goşantlaryny goşdylar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin şu ýerde berilýän anketaty dolduryň we bize ugradyň!

 

 

Intellekt bonusy

Ýene-de okaň

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Nobel hepdeligi başlady

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellendi

Teswirle