TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Puarenga derýasy – “gaýnaýan” derýa

Täze Zelandiýanyň täsin derýasy köpleriň ünsüni çekýär. Bu ýurtda “gaýnaýan” derýa ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan Puarenga derýasy özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Täze Zelandiýanyň Demirgazyk adasynda ýerleşýän Puarenga derýasy bir kenaryň suwy doňup duran, beýleki kenary bolsa gaýnap duran ýeke-täk suw howdanlarynyň biridir. Bu sebitiň ýerli halky bolan Maori halky bu derýanyň adaty däl aýratynlygyndan ýerlikli peýdalanypdyrlar. Olar balyklary halta salyp, ony suwa çümdürip, balyklary tebigy gaýnap duran derýada bişiripdirler.

Puarenga derýasy sowuk we yssy çeşmelerden ybarat bolup durýar. Onuň yssy we sowuk çeşmeleri biri-birine garyşmaýarlar. Ol hem suwuň çalt akymy bilen baglanyşyklydyr.

Täze Zelandiýada köp sanly derýa bar, ýöne olaryň aglaba bölegi kiçi derýalardyr. Şeýlelik bilen, ýurduň Demirgazyk adasynda ýerleşýän Taranaki wulkanyna gezelenç wagtynda her kilometrde bir derýa duş gelmek bolýar. Umuman, Günorta adada 40 töweregi uly derýa ulgamy we Demirgazyk adada 30 töweregi uly derýa ulgamy bar.

Täze Zelandiýadaky derýalaryň köpüsi ýagyş ýa-da gar suwy bilen köpelip azalýar. Olaryň köpüsi daglyk ýerlerden gözbaş alýar, soňra düzlüklere akýar we ahyrsoňy Tasman deňzine ýa-da Ýuwaş ummanyna guýýar. Ýurduň iň uzyn derýasy, uzynlygy 425 km bolan Uaikato derýasydyr.

Gülsahra Orazowa, TOHU-nyñ talyby.

 

Emeli aňyň peýdalary

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle