TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“PSŽ” topary Messi bilen şertnamanyň möhletini uzaltmak isleýär

Fransiýanyň “PSŽ” topary meşhur argentin ýyldyzy Lionel Messi bilen şertnamanyň möhletini uzaltmaga gyzyklanma bildirýär. Fransuz “L’Équipe” neşiriniň habaryna görä,  toparyň sport meseleleri boýunça geňeşçisi Luiş Kampuş Messi we toparyň ispan goragçysy Serhio Ramos bilen ýene-de 2 ýyllygyna şertnama baglaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi.

Ýöne bu iki futbolçynyň derejesiniň ýokary bolmagynda galmagyna garaşylýar. Şeýle hem topar italiýaly Marko Werrati, braziliýaly Markinos we fransuz Presnel Kimpembe bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, Messi bu topara 2021-nji ýylyň tomsunda erkin futbolçy hökmünde gelipdi. Ol bu döwürde 33 duşuşykda oýnap, 9 gezek tapawutlandy. Messiniň bu topar bilen şertnamasy 2023-nji ýylda tamamlanýar.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle