TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Prospero” – tohum ekmegä ukyply robot

Oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň köpdürliligi bu pudakda robotlaryň ösmegine we olaryň iş öndürijilikli täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna uly itergi berýär.

Agrosenagat toplumynyň oba hojalyk pudagynda önümçiligi robotlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde amerikaly inžener Deýwid Dourhout tarapyndan döredilen “Prospero” roboty özüniň iş başarjaňlygy bilen meşhurlyga eýedir.

Möý görnüşde döredilen “Prospero” robotynyň häzirki wagtda ekerançylykda diňe tohum ekmegi başarýan görnüşleri bardyr. Inžener Deýwid Dourhout bu robotyň ekin meýdana dökün berýän, haşal otlary aýyrýan we ýetişen hasyllary ýygnaýan görnüşlerini oýlap tapmaklygy maksat edinýär.

Oýlap tapyjy programma üpjünçiligine esaslanyp, robotyň käbir ösümlikleriň tohumlaryny ekin meýdana ekip biljekdigini hem-de olaryň ekilen ýerlerini tanap biljekdigini öňe sürýär. Ol bu robot bilen birnäçe üstünlikli synaglary geçirdi.

Alty aýakly bu robot özi ýaly robotlar bilen üç metr aralykdan aragatnaşyk saklap bilýär. “Prospero” roboty tohumlary ekmekde beýleki bir robotyň kömeginiň gerekdigi barada habar bermek üçin LED-leri ulanyp bilýär.

Bu roboty döredijiniň pikirine görä, ony döretmegiň agramly bölegi robota tohumyň nirededigini anyklamaklygy öwretmek bolupdyr. Bu meseläni çözmek üçin oýlap tapyjy “Prospero” atly robota tohumyň ekilen ýerini ak reňk bilen bellemegi öwretdi. Özi ýaly beýleki robotlar ak reňk bilen bellenen ýeri tapanda, ekin meýdanyň başga bir bölegine geçýärler.

Ýazlyýewa Täzegül

TOHU-nyň talyby

Muhammet Alynyň çeken suratlary üçin 1 million dollar

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle