TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Prokurorlar: Wezipä bellemek we wezipeden boşatmak

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekti.  Bu Karar bilen prokurorlar wezipe bellendi we käbirleri wezipeden boşadyldy.

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň geňeşçisi Döwletmuhammet Bäşimmuhammedowiç Mürrikow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

1-nji derejeli ýurist Kakajan Kanalowiç Amanmyradowy Balkan welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

ýustisiýanyň geňeşçisi Oraz Döwletgeldiýewiç Rozyýewi Balkan welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Allanazar Ataýewiç Nyýazlyýewi Mary welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

 

 

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle