TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Prokurorlar wezipä bellenildi

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

1-nji derejeli ýurist Arazgeldi Aşyrdurdyýewiç Ataýew Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Oraz Osmanowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Artur Otuzowiç Hojamedow Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Nurmuhammet Meretseýidowiç Saparlyýew Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Daňatar Kerimowiç Mädenow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begenç Orazgeldiýewiç Orazgeldiýew Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Mämetjan Ýagşygeldiýewiç Baýramklyçow Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meret Annaberdiýewiç Meredow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Ýusup Jumanazarowiç Meredow Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýene-de okaň

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Baş Redaktor

Teswirle