JEMGYÝET

Prezident Berdimuhamedow we Premýer-ministr Abe duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda «Ðkasaka» Köşgünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy geçirildi.

Ýokary derejeli myhmany mähirli garşylap, ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna Tokio gelmek hem-de Imperator Naruhitonyň tagta çykmak dabarasyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Sindzo Abe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen bazarynda işleýän we iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan ýaon kompaniýalaryna bildirýän ynamy üçin aýratyn minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşmak üçin döredilen mümkinçiliklere şatdygyny belläp geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe we onuň wekilçiliginde Ýaponiýanyň ähli halkyna Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli öz gutlaglaryny beýan etdi. Soňky ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn özarahereketleriň hil taýdan täze depgine eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän ünsi hem-de gyzyklanma bildirip gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hakynda pikirleri alyşdylar. Bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine, şeýle hem maýa goýum işjeňliginiň ilerledilmegine, özarahereketleriň netijeli görnüşleriniň we ugurlarynyň kesgitlenilmegine mümkinçilik berýän bilelikdäki işewürlik-forumlaryna aýratyn ähmiýet berilýändir. Ikitaraplaýyn ynsanperwer-medeni gatnaşyklarynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ynam bildirdiler we birek-birege, şeýle hem iki ýurduň halklaryna özleriniň ýakymly arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi

Oman Soltanlygy Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň täze sebit merkezi açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri