TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkiýe Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe duşuşyklar geçirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Prezident köşgünde geçirilen duşuşyga metbugat wekilleri goýberilmedi.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti RejepTaýyp Ärdogan Indoneziýa amala aşyran saparynyň öňüsyrasynda geçiren metbugat ýygnagynda dekabr aýynyň başlarynda Türkmenistanda saparda boljakdygyny mälim edipdi. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen tebigy gaz meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygyny belläp geçipdi.

Ýene-de okaň

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Wolodin: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyza möhüm ähmiýet berýäris

Teswirle