TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Porsche Taycan” Ginnesiň rekordlar kitabynda

“Porsche” awtoulag kompaniýasynyň ilkinji elektrikli sport ulagy “Taycan” jemi uzynlygy 42 kilometre barabar bolan drift öwrümi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şeýlelikde bu sport ulagy iň uzyn drift öwrümi etmek kategoriýasynda Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny aldy.

Bu synag “Porsche” awtoulag kompaniýasynyň meýdançasynda geçirildi. Dennis Retera “Taycan” ulagy bilen 210 öwrüm etdi. 55 minudyň dowamynda jemi 42 müň 171 kilometr menzil geçildi. Bu ugurda rekord goýuldy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň garaşsyz bilermenleri bu synagy hasaba aldylar.

“Taycan” sport ulagy mundan ozal hem birnäçe rekordlaryň eýe sidir. Ol howa menzilinde 0-dan 200 kilometr/sagat tizlige ýetmekde hem rekord goýupdy.

“Porsche” awtoulag kompaniýasynyň bu ulagy 2019-njy ýylda öndürildi we dolulygyna elektrik ulgamy bilen hereket edýär. Kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap, “Porsche” kysymly ulaglaryň 50 göterimden gowragynyň elektrik togy bilen üpjün ediljekdigi mälim edildi.

Bilim Sahypamyz

Okap bilersiňiz  Awtomat dolandyryş ornaşdyrylýar

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle