SIZDEN GELENLER

Pomidoryň kök çüýreme keseli we oña garşy göreş çäreleri

Bu kesel pomidor ekýän döwletleriň köpüsinde, şeýle hem Türkmenistanda yzgarlylygy kadadan ýokary bolan şitilhanalarda duş gelýär. Gara kök çüýreme keseli itüzümler maşgalasyna degişli ösümlikleriň hemmesine ýokuşýar. Bu kesel, esasan, şitilhanada döreýär. Kesel şitiliň kök boýnunda döreýär. Keseliň dörän ýeri goňur reňkli bolýar. Şitiliň kök boýny inçelýär. Ösümlik öyjükleri turgor basyşyny ýitirýär, kök çüýreýär, iýmit maddalaryny geçirip bilmeýär. Netijede ösümlik süllerýär we guraýar. Gara kök çüýreme keseli ösümlik ekilenden soňra topragyň gapaklamagy, gury ekilmegi, geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýaramaz bolmagy sebäpli döreýär. Bu keseli, esasan Ervina urugyna degişli bakteriýa we Pythiun debaryanum Hesse hem-de Rhizoctonia solani Kuchn. kömelekleri döredýär. Göreş çäreleri. Şitilhanalaryň içiniň ýokary çygly bolmagyna, açyk meýdanda şitillere aşa köp suw tutulmagyna we basdyrylyp suwarylmagyna ýol bermeli däl. Topragyň gapaklamagyna garşy göreş çärelerini geçirmeli.

 

GURBANGULYÝEW  BAÝMYRAT,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

Türkmenistanyň bellige alan Kowid-19 waksinalary

 

 

Ýene-de okaň

Alym Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” eserinde mukaddeslikleriň şöhlelendirilişi

Ýaşlar syýasaty barha dabaralanýar

Oba hojalygyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Otag gülleriniň ynsan saglygyna edýän peýdasy

Ýurdumyzyň suratkeṣlleriniñ toparlaỳyn sergisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Ekologiýa abadançylygy — ýagty geljege binýat