TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Pogba üçin 5 ýyllyk şertnama

“Mançester Ýunaýted” topary fransuz ýarymgoragçysy Pol Pogba bilen täze bäş ýyllyk şertnama baglaşmaga taýýarlanýar. Bu barada Angliýanyň “The Sun” neşiri habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, täze şertnama şu möwsüm gutarandan soň gol çekiler. 27 ýaşly fransuz futbolçysynyň häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam edýär.

Pogba bu möwsümde dürli ýaryşlarda “Mançester Ýunaýted” toparynyň köýnekçesi bilen 15 duşuşykda oýnap, bir pökgi geçirip, dört gezek ýardam pasyny berdi.

“Mançester Ýunaýted” toparynyň oýunçysy Pogba Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Şeýle hem Pogba 2018-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy we 2016-njy ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynda kümüş medal gazandy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Ronaldo Saud Arabystanydan teklip bar

Teswirle