TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Poçettino “PSŽ” toparynyň tälimçiligine bellendi

Ozal habar berişimiz ýaly, Fransiýanyň geçen ýylky çempiony “Pari Sen-Žermen” (PSŽ) topary germaniýaly tälimçisi Tomas Tuhel bilen şertnamasyny ýatyrypdy.
Şondan soňra bu toparyň täze tälimçisiniň kim boljakdygy barada köp sanly habarlar ýaýrady. Şolaryň hatarynda Maurisio Poçettino hem bardy.
Fransuz toparynyň habar bermegine görä, argentinaly tälimçi Maurisio Poçettino bilen şertnama baglaşyldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär. Ol bu topar bilen 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama gol çekişdi.
Poçettino bir ýyldan gowrak wagtdan bäri işlemeýärdi. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Angliýanyň “Tottenham” toparynyň tälimçiliginden boşapdy.
48 ýaşly tälimçisi mundan ozal Ispaniýanyň “Espanýol”, Angliýanyň “Sautgempton” toparlaryna tälim beripdi. Onuň tälimçilikdäki esasy üstünligi 2018/19-njy möwsümde “Tottenham” toparyny Çempionlar ligasynyň finalyna çykarmak bolupdy.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle