JEMGYÝET

«Çüý pälwan» Ginnese girer

Gazagystanly pälwan Sergeý Sirulnikow eli bilen tagta çüý kakmak boýunça bütindünýä rekordyny täzeledi. Ýakyn günlerde onuň adynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegine garaşylýar.

Gazak metbugatynda ýazylyşy ýaly, dünýäniň birnäçe gezek çempiony S.Sirulnikow 10 sany çüýi tagta bary-ýogy 48 sekuntda kakdy. Mundan ozalky rekord russiýaly türgene degişli eken. Ol 10 çüýi tagta 2 minudyň dowamynda kakyp bilipdir.

Ýakynda Sirulnikow Petropawlowsk şäherinde geçirilen dabarada bir elinde adam götermek boýunça hem haýran galdyryjy netije görkezdi. Ol bir elde 105 kilogram agramlygyndaky birini göterdi.

Ýene-de okaň

Putin: Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýar

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «Boeing-777-300ER» kysymly uçaryna gowuşdy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag şäheri- ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigi jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgeni “Grand Slam” ýaryşynda bürünç medal gazandy

Türkmenistanda ýaşlar forumyna taýýarlyk görülýär