TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Pizarro futbol ýoluny tamamlady

“Werder Bremen” toparynyň oýunçysy Klaudio Pizarro futbol ýoluny tamamlamak kararyna geldi. 41 ýaşly peruly futbolçy “Werder Bremen” toparynda çykyş edip başlan mahalyndan iki möwsümden soň “Bawariýa” toparyna transfer edildi. Bu topar bilen alty möwsüm oýnady. Pizarro futbol ýolunda “Bundesliga” çempionatynda alty gezek çempion bolup, Germaniýa kubogynyň bäş gezek, Super kubok, Çempionlar ligasy, Ýewropanyň Super kubogy we klublar arasynda dünýä çempionatlarynyň çempiony boldy.

Pizarro Angliýanyň “Çelsi” toparynda gysga wagtlyk, ýagny 2007/08-nji ýyllar möwsüminde çykyş etdi, soňra hüjümçi Bremen şäherine gaýdyp, Germaniýanyň kubogyny gazanmagy başardy. Umumy statistika göz aýlanymyzda, “Bundesliga” çempionatynda Pizarro 489 duşuşykda oýnap, 197 gezek gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle