TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Pişikler hakynda gyzykly maglumatlar

Iň uly ýyrtyjy pişikler

Sibir ýa-da Amur erkek gaplaňlarynyň ortaça uzynlygy burnundan guýrugynyň ahyryna çenli 2.7 – 3.3 m. Beýikligi 1 – 1.07 m we agramy 306 kg-a çenli ýetýär. Ýiti dişli (gylyç görnüşli) bu pişikleriň uly göwrümi häzirki wagtda ýitip giden, mundan 1 million ýyl öň Günorta Amerikada ýaşan Smilodon pişikleri hasaplanýar. Onuň beýikligi 1.56 metr bolup, erkek görnüşiniň has ulularynyň agramy 500 kg-a çenli ýetipdir.

Ilkinji ak gaplaňlar

2013-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynda Saraswati atly ak bengal gaplaňy ilkinji doglan ak gaplaň hasaplanýar. Onuň kakasy ak Afrikan ýolbarsydyr.

Beýikde ýaşaýan ýyrtyjylar

Gizlin kameralar seýrek we käwagt görünýän gar barsyny (Panthera uncia) 5,800 m beýiklikdäki ýerde surata aldy. 1990-njy ýyllarda Puma dag pişigine (Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bir reňkli dag pişigi) edil şolar ýaly beýiklikdäki ýerde, ýagny Günorta Amerikanyň Alp daglarynda gabat gelindi.

Iň kiçi barslar

Erkek arap barslaryň (Panthera pardus nimr) agramy takmynan 30 kg-a ene barslaryň agramy 20 kg–a deňdir. Bular ýaňy ýakynda ýitip barýan görnüşleriň arasynda hasaba alyndylar.

Kapasadaky iň uly ýaşly bars

Iwori atly gara bars (Panthera pardus) 1991-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda dogulýar. Ol häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Frazier seýilgähinde ýaşaýar.

Gysga maglumatlar

Gar gaplaňlary uzynlygyna bökenlerinde göwresini ýedi gezek ýygyrýarlar. Iki gaplaňyň endamynyň çyzyklarynyň görnüşi birmeňzeş däldir. Ýolbarsyň arlamagy 8 km daşlykdan eşidilýär. Geçigaplaňlar arlamaýarlar, olar diňe myrlaýarlar.

Taýýarlan Ilmyrat AKMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle