TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Pirlo «Ýuwentusa» tälim berer

Maurisio Sarriniň ýerine Andrea Pirlo bellendi. 41 ýaşly Pirlo Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň tälimçiligine bellendi. Ol ozal bu toparda 5 möwsüm futbol oýnapdy. Bu tälimçilik işi Pirlonyň karýerasyndaky ilkinji professional tälimçilik bolar.

Çempionlar ligasynda “Lion” toparyny ýeňendigine garamazdan, indiki tapgyra çykyp bilmedik “Ýuwentus” toparynda tälimçi çalşyldy. Bu barada toparyň saýtynda hem bellenilip geçilýär.

Topar Maurisio Sarrä “Ýuwentus” toparyna yzly-yzyna 9-njy çempionlygyny gazanmagyna goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Sarri “Ýuwentus” toparyna Angliýanyň “Çelsi” toparyndan gelipdi.

Andrea Pirlo 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli iki ýyllyk şertnama baglaşdy.

Pirlo “Ýuwentus” toparynda 2011-2015-nji ýyllarda oýnady. Ondan oň bu tejribeli futbolçy “Breşiýa”, “Inter”, “Tejina”, “Milan” we “Nýu-Ýork Siti” toparlarynda çykyş etdi. Ol 6 gezek Italiýanyň çempiony bolup, 2 gezek ýurduň kubogyny hem-de 3 gezek superkubogyny gazandy. Çempionlar ligasynyň kubogyny 2 gezek gazanan Pirlo UEFA-nyň superkubogyny 2 gezek gazanyp, klublar boýunç dünýä çempionatynyň hem ýeňijisidir.

Ol Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2006-njy ýylda dünýä çempiony boldy. 2012-nji ýylda Ýewropada kümüş medala eýe boldy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň ilkinji zenan emini

Saud Arabystany dünýä çempionatyny gurnamakçy

Teswirle