TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Pile taýýarlamakda gazanylýan üstünlikler

Häzirki döwürde ýurdumyzda dokma senagaty pudagyny yzygiderli ösdürmek, pudagyň işgärleriniň, şol sanda pileçilerimiziň hem-de ýüpekçilerimiziň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligi aýratyn orna mynasypdyr. Häzirki wagtda ýüpekçilik pudagynyň önümçilik binýady dolulygyna täzelendi, keteni öndürmegiň gadymy sungaty gaýtadan dikeldildi. Türkmen ýüpeginden ýurdumyzda ilkinji gezek panbarhatyň hem täze görnüşleri çykarylyp başlandy.

Ýylyň-ýylyna pile öndürmek babatda hem oňyn netijeler gazanylýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem  Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň 1010 tonna, Mary welaýatynyň ýüpekçileriniň 440 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendikleri baradaky hoş habarlary ýetirdiler.

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar kabul ediş nokatlaryna ýeňil senagatda giňden ulanylýan bu önümiň 1010 tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

Bu işe Kerki, Halaç, Hojambaz, Dänew we Çärjew etraplarynyň kärendeçileri hasda saldamly goşant goşdular. Olar welaýat ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny dolandyklary barada habar berdiler. Şonda Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonnadan geçirip, Halaç etrabynyň ýüpekçileri 200 tonnadan geçirip, Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri bolsa 98 tonnada artyk pile tabşyrdylar. Çärjew we Dänew etrabynyň ýüpekçileriniň taýýarlan pilesi bolsa degişlilikde 174,5 we 140 tonnadan geçdi.

 Ýüpek önümçiligi täze talaplara laýyklykda guraldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolmak bilen, doly döwrebap ýagdaýa getirildi hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Zenanlarymyzyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan panbarhat matalaryny öndürýän Aşgabadyň panbarhat fabrigi häzir ýüpek süýümi bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba ýerlerinde telekeçilige goldaw bermek we ony höweslendirmek maksady bilen, ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýörite nahalhanalarda we birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn epgekden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny döretmäge hem ýardam edýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga, şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Subhonberdi Metiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ordekler-barada/

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle