28/01/2021 11:06
Home PEÝDALY MASLAHAT Hususy telekeçileriň dykgatyna: Pensiýa gatançlary

Hususy telekeçileriň dykgatyna: Pensiýa gatançlary

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslar döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň subýektleri bolmak bilen olar şol bir wagtda ätiýaçlandyrýan hökmünde çykyş edýärler we pensiýa gatançlaryny töleýjiler hökmünde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba alynmaga degişlidir diýlip Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Ministrliginiň web saýtynda bellenilýär. Şol bildirişde aýdylyşyna görä, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilik işine başlaýan raýatlarymyzdan kanunçylykda bellenen tertipde salgyt edarasynda hasaba duran ýeriňizdäki pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba durmagyňyzy haýyş edýär.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli eserleri, şeýle hem, beýleki habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

2012-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Oňa laýyklykda, fiziki şahslar bilen bagly ýeňillikleriň sany 5-e ýetirildi. Şeýlelik bilen, fiziki şahslar, olara şular bellenilen halatynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler:

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary tamamlandy

1) ýaşy boýunça pensiýa;
2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
3) hünär pensiýasy;
4) maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly, eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar;
5) döwlet durmuş kömek puly.

Mundan başga-da hususy telekeçilere we hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslara – özleri üçin tölenilýän pensiýa gatançlarynyň möçberine täzeden seredildi. Girizilen üýtgetmä görä, ýokarda agzalan şahslara pensiýa gatançlaryny olaryň özleriniň girdejisine garamazdan hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň azyndan 10 göterimi möçberinde tölenilmeli edildi. Görkezilen şahslar üçin hasabat döwrüniň her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýunyna çenli we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabryna çenli aralykdaky döwri öz içine alýandygyny ýatladýarys.

Okap bilersiňiz  Fransiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlanýan döwür üçin ulanylýar.

Okap bilersiňiz  Nika baglaşmagyň umumy tertibini düşündirseňiz?

IŇ TÄZE HABARLAR

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk...

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Sport we bedenterbiýäni ösdürmek üçin täze maksatnama

Ýurdumyzda  “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy” kabul edildi. Bu babatda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde degişli Karara gol...

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Täze hünäriň talyplaryna iki ýokary okuw mekdebiniň diplomy berler  
Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

ABŞ-da okamak mümkinçiligi

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy ABŞ-da ýokary bilim almak isleýän ýaş türkmen raýatlaryny ABŞ-nyň uniwersitetlerine kabul edilmek üçin “Prep4Success” onlaýn okuwyna çagyrýar. Bu barada berlen bildirişe görä,...