28/01/2021 9:38
Home PEÝDALY MASLAHAT 2021-nji ýylyň önümçilik senenamasy hakynda

2021-nji ýylyň önümçilik senenamasy hakynda

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki we fiziki taraplaryň dykgatyna!

Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr diýlip diýlip Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Ministrliginiň web saýtynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

1-nji ýanwar – Täze ýyl baýramy;

8-nji mart – Halkara zenanlar güni;

21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;

18-nji maý- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;

13-nji maý- Oraza baýramy;

20-21-22-nji iýul – Gurban baýramy;

27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;

6-njy oktýabr – Hatyra güni;

12-nji dekabr – Halkara bitaraplyk güni.

Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.

Okap bilersiňiz  Çempionlar ligasy Lissabonda oýnalar

Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.

Okap bilersiňiz  Ýurduň içinde pul geçirimler ulgamy hereket edýär

Beýan edilenler bilen baglylykda, 2021-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 166,0

36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 150,5.

Bellik: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň 2020-nji ýylyň 19-njy oktýabryndaky 02/2776 belgili haty bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň dykgatlaryna ýetirildi.

2021-nji ýylyň önümçilik senenamasy hakynda önümçilik senenamasyny almak üçin aşakdaky

ýazan  ýere basyň!

SENENAMA 2021

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli  habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Çagany perzentlige almagyň tertibi

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowe hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Şu ýyl nebitli guýularyň 37-si gazyldy
Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çagalaryň arasynda halkara surat bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilýän halkara döredijilik bäsleşikleriniň üstüne ýene biri goşuldy. «Türkmenistan» gazetinde şu gün ― 25-nji ýanwarda  çap edilen bildirişde...

Oba hojalyk önümçiligi innowasion ösüş ýolunda

Türkmenistanyň oba hojalygy ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Oba zähmetkeşleri içerki bazary halkymyzyň sarp edýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...

Dawos forumy: «Sputnik V» sanjymyny 25 ýurt bellige alar

Her ýyl ýanwar aýynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde Bütindünýä ykdysady forumy ýa-da dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Dawos forumy geçirilýär. Şu ýyl dünýädäki emele gelen...