TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas” işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakda görkezilen hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar.

Gyýanly obasynda işlemek üçin lukman

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  1. Bilimi: ýokary bilimli, lukman.
  2. Iş tejribesi: intensiw terapiýa bölüminde reanimatolog hökmünde 5 ýyldan 7 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.
  3. Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça bäsleşik

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Teswirle